- ynam
- Biriniň ak ýürekliligine, dogruçyllygyna, yhlaslylygyna ýa-da bir zadyň dogrulygyna, nädogrulygyna bolan ynanç, ygtybar, kepillik, garaýyş.∙ Bagşynyň biri özüne ynamy bardygyny duýdurdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Paweliň we onuň dostlarynyň kem-kemden işçileriň ynamyny gazanyşlaryny ýazyjy örän oňat görkezipdir. («Häzirki Zaman Edebiýaty»)◊ ynam bildirmek1) Ynandyrmak.2) Ynanmak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.